Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda dürli görnüşli önümler boýunça jemi 22 geleşik hasaba alyndy.

Daşary ýurt puluna Singapuryň we Türkiýäniň işewür toparlarynyň wekilleri «Türkmennebit» döwlet konserniniň kärhanalarynda öndürilen portlandsementi we ýangyç mazudyny satyn aldylar.

Şeýle hem birža söwdalarynda daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Gyrgyzystanyň we Azerbaýjanyň telekeçilerine nah mata, nah ýüplük, guradylan buýan köki we baldagy ýerlenildi.

Baglaşylan geleşikleriň umumy bahasy 38 million 560 müň ABŞ dollaryndan geçdi.

Birža söwdalarynda daşary ýurtly işewürleriň türkmen önümlerine bolan isleginiň dowam etmegi ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň giňelmegine we milli harytlaryň halkara bazarlarynda ornuny pugtalandyrmaga ýardam berýär.