Türkmenistanyň maliýe we tehnologiýa pudaklarynyň wekilleri 11-nji sentýabrda Gazagystanyň Almaty şäherinde geçiriljek Central Asia Fintech Summit 2026 halkara sammitine gatnaşmaga çagyrylýar. Sanly maliýe tehnologiýalaryna bagyşlanan sebitdäki iri çäreleriň birine gatnaşmak üçin öňünden hasaba alyş dowam edýär.
Sammit maliýe tehnologiýalary bilen bagly ugurlarda işleýän hünärmenler, banklaryň we finteh kompaniýalarynyň wekilleri, töleg guramalary, döwlet we düzgünleşdiriji edaralar, maýadarlar, telekeçiler hem-de IT hünärmenleri üçin niýetlenendir. Sanly maliýe, töleg ulgamlary we emeli aň tehnologiýalary bilen gyzyklanýan beýleki gatnaşyjylar hem çärä goşulyp bilerler.
Çäräniň maksatnamasynda sanly walýutalar, serhetüsti tölegler, açyk bank hyzmatlary, blokçeýn, emeli aň, biometrik tehnologiýalar, kiberhowpsuzlyk, GovTech we RegTech ýaly ugurlar boýunça ara alyp maslahatlaşmalar geçirilmegi meýilleşdirilýär. Şeýle hem häzirki zaman maliýe infrastrukturasyny ösdürmek we sanly galplyklara garşy göreşmek boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerine aýratyn üns berler.
Sammit Türkmenistanyň hünärmenleri we kompaniýalary üçin Merkezi Aziýanyň finteh bazaryndaky täze çözgütler we tejribeler bilen tanyşmaga, öz tehnologiýalaryny hem-de taslamalaryny tanyşdyrmaga mümkinçilik döredip biler. Şeýle-de çärä gatnaşyjylar sebitdäki banklar, maýadarlar we tehnologiýa kompaniýalary bilen täze işewür gatnaşyklary ýola goýup bilerler.
Guramaçylaryň maglumatlaryna görä, sammite ýerinde 4 müňden gowrak, onlaýn görnüşde bolsa 2 müňe golaý gatnaşyjynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Çäräniň dowamynda 120-den gowrak çykyşçynyň we hünärmeniň çykyş etmegi meýilleşdirilýär.
Central Asia Fintech Summit 2026 Almaty şäherindäki Masançi köçesiniň 59-njy jaýynda ýerleşýän «Tselinnyý» häzirki zaman medeniýet merkezinde sagat 09:00-dan 18:00-a çenli geçiriler. Çärä onlaýn görnüşde hem gatnaşmak mümkinçiligi göz öňünde tutulýar.
Sammitde çykyşlara we beýleki çärelere gatnaşmak mugt. Gatnaşmak isleýänler Central Asia Fintech Summit 2026-nyň resmi internet sahypasynyň üsti bilen öňünden hasaba alynmaly.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.