2026-njy ýylyň 4-nji sentýabrynda Astrahan oblastynyň Privolžsk etrabynyň Funtowo obasynda ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän orta mekdepde açyk sapak geçirildi. Çäräni Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky (Astrahan şäherindäki) Konsullygy gurady.
Çäräniň esasy maksady Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary has-da pugtalandyrmak, Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlaryny giňden wagyz etmek hem-de Halk Maslahatynyň öňde boljak mejlisiniň jemgyýetçilik-syýasy ähmiýeti barada maglumat bermekden ybarat boldy.
Açyk sapaga Türkmenistanyň Konsullygynyň diplomatlary, mekdebiň ýolbaşçylary, mugallymlary we okuwçylary, şeýle hem Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Astrahan oblastyndaky bölüminiň işjeň agzalary gatnaşdylar.
Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky däp bolan dostlukly gatnaşyklaryň ähmiýeti, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi hem-de türkmen halkynyň parahatçylyk ýörelgeleri barada pikir alyşdylar.
Çäräniň ahyrynda myhmanlar mekdebiň muzeýine baryp gördüler. Olar bu ýerde türkmen halkynyň baý taryhy-medeni mirasy, milli däp-dessurlary we ruhy gymmatlyklary bilen tanyşdylar.
Magtymguly Pyragynyň adyny göterýän mekdepde geçirilen bu çäre ýaş nesliň milli medeniýete we taryhy mirasa bolan gyzyklanmasyny artdyrmak bilen birlikde, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda ynsanperwer gatnaşyklaryň ösdürilmegine hem goşant goşdy.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.