
Çempionlar ligasynyň 1/4 final duşuşyklarynyň jogap oýunlarynyň 2 duşuşygy geçirildi. Liwerpool öz meýdançasynda PSG-ni kabul etdi. Bu garşylykda PSG topary doly agdyklyk etdi. Garşylyklaýyn hüjümleriň netijesinde bu oýunda hem hasap 2:0 PSG toparynyň peýdasyna tamamlandy. Esasy gahryman – Ousmane Dembélé, ol möhüm gollary bilen tapawutlandy. Iki oýnuň netijesi boýunça PSG-Liwerpool (4:0) hasaby bilen çempionatyň geçen ýylky çempiony ynamly ýeňiş gazanyp öz ýeňşini baýram etdi. Liwerpool topary bu ýyl hem ahmyrda galdy we çempionat bilen şu tapgyrda hoşlaşmaly boldy.
Beýleki oýunda Atletiko Madrid öz meýdançasynda Barselonany kabul etdi. Çekeleşikli geçen bu oýunda artykmaçlyk babatda-da, gol babatda-da Barselona topary ynamly ýeňiş gazansa-da inniki tapgyra geçmek üçin bu hasap ýeterlik bolmady. Oýun gyzykly pursatlara baý boldy, bu oýunda hem Barselona goragçysy Erik Garsia gyzyl kart alyp meýdançadan çykdy. Barselona bu oýunda hem 10 bolup meýdançada galmaly boldy. Şeýle hem geçen oýunda goýberilen 2 gol we gyzyl kart Kataloniyanyň oýunçylaryny bu gezek hem çempionatyň inniki tapgyryndan alyp galdy.
Ýadyňyzda bolsa Barselona bu ýaryşyň final tapgyrynda 2015-nji ýylda ýeňşini baýram edipdi. şol ýyldan bäri bu ýeňiş arzuwlygyna galýar. Ýeňilen toparlara inniki möwsümde netijeli oýunlar oýnamagyny arzuw edýäris we Ýarym finala öz adyny ýazdyran PSG we Atletiko toparlaryna inniki duşuşyklarda üstünlik arzuw edýäris.
Sport janköýerleri siziň pikiriňizçe bu ýyl UEFA Çempionlar ligasynda haýsy topar ýeňiş gazanar !!!
Keywords