
Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan düýpli özgertmeler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde esasy güýçleriň birine öwrüldi. Bu ugurda hususy pudagyň wekillerine, aýratyn-da telekeçilere uly ynam bildirilmegi ýurdumyzda azyk bolçulygynyň döredilmegine giň ýol açdy. Lebap welaýatynyň Çärjew etrabynda ýerleşýän, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan «Tebigy ekin» daýhan hojalygy bu günki günde zähmet söýerligiň we professional çemeleşmäniň aýdyň nusgasyny görkezýär.
Hojalyga döwlet tarapyndan uzak möhletleýin esasda bölünip berlen ýüzlerçe gektar meýdanda häzirki wagtda uly işler alnyp barylýar. Hojalygyň işinde ylmy esasly agrotehniki kadalara aýratyn üns berilýär.
Hojalygyň meýilnamasynda gowaça ekini hem möhüm orny eýeleýär. 100 gektar meýdanda gowaça ekişine iň döwrebap tehnikalaryň kömegi bilen jogapkärli taýýarlyk görüldi. Ýerleri tekizlemek we geriş çekmek işleri agrotehnikanyň soňky talaplaryna laýyklykda berjaý edildi. Bu bolsa ekiniň gysga wagtda we tekiz gögermegine şert döredýär.
«Tebigy ekin» daýhan hojalygy diňe bir önüm öndürmek bilen çäklenmän, eýsem oba ýerlerinde täze iş orunlaryny döretmek bilen hem tapawutlanýar. Bu ýerde ýaş agronomlar we mehanizatorlar üçin amaly tejribe mekdebi kemala gelýär.
Hojalygyň hünärmenleri geljekde ekin meýdanlaryny has-da giňeltmegi, hususan-da gökbakja ekinleriniň görnüşlerini artdyrmagy maksat edinýärler. Topragyň hasyllylygyny saklamak üçin ekin dolanyşygyny dogry ýola goýmak hojalygyň esasy ýörelgesidir.
«Tebigy ekin» daýhan hojalygynyň agzybir agzalarynyň çekýän yzygiderli zähmeti halkymyzyň rysgal-bereketli saçagynyň bolçulygyna goşulýan uly goşantdyr. Bu bolsa türkmen telekeçisiniň topraga bolan belent sarpasynyň we öz işine wepalylygynyň subutnamasydyr.
Keywords