
Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylarynyň Gün energiýasy ulgamyndaky innowasion taslamasy döwlet derejesinde ýokary baha mynasyp boldy.
Hormatly Prezidentimiziň parasatly syýasaty netijesinde, Türkmenistanda ýaş nesliň döredijilik ukyplaryny ýüze çykarmak we ylym-bilime bolan höwesini artdyrmak üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýakynda geçirilen «Altyn asyryň altyn zehinleri» atly ylmy-taslama bäsleşigini görkezmek bolar. Bu bäsleşikde Türkmenabat şäherindäki ýöriteleşdirilen 41-nji orta mekdebiň okuwçylary Atajan Rozyýew (11-nji synp) we Mekan Rejepgulyýew (12-nji synp) özleriniň täzeçil ylmy işi bilen döwlet tapgyrynda birinji orna mynasyp boldular.
Türkmenistan öziniň geografiki ýerleşişi boýunça Gün energiýasyny ulanmak üçin iň amatly ýurtlaryň biridir. Ýaş alymlaryň taýýarlan taslamasy ýurdumyzyň ykdysadyýetine täze tehnologiýalary ornaşdyrmak baradaky döwlet syýasaty bilen doly sazlaşýar.
Adatça, hereketsiz duran Gün panelleriniň Peýdaly Täsir Koeffisienti (PTK) wagtyň we günüň ýapgytlyk burçunyň üýtgemegi bilen peselýär. Atajan we Mekan bolsa, halypasy Toýly Gurbanowyň ýolbaşçylygynda bu meseläniň ylmy çözgüdini tapdylar.
Ýaş zehinler öz taslamalarynda Lambert kanunyna daýanyp, paneliň Günüň hereketini yzarlaýan ýörite algoritmini döretdiler. Bu ulgamyň esasy aýratynlyklary şulardan ybarat:
"Biz tygşytlylygy göz öňünde tutup, Gün panelini hereketlendiriji ulgamy taýýarladyk. Bu ulgam paneliň ölçegini ulaltmazdan, alynýan energiýanyň mukdaryny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Bu bolsa az serişde sarp edip, köp energiýa almagyň iň amatly ýoludyr" — diýip, ýeňiji okuwçylar öz işleri barada gürrüň berýärler.
Taslamanyň önümçilige ornaşdyrylmagy uly ykdysady bähbitleri wada berýär. Bu innowasiýa:
Atajan Rozyýewiň we Mekan Rejepgulyýewiň gazanan bu ýeňşi türkmen ýaşlarynyň ylymda uly sepgitlere ýetmäge ukyplydygynyň nobatdaky subutnamasydyr. Innowasion taslamalar bilen galkynýan ýaşlar ýurdumyzyň ylmy-tehniki ösüşiniň geljekki binýadyny berkden tutýarlar.
Keywords