
14-nji iýuldan başlap, ýurdumyzda ýokary hem-de orta hünär okuw mekdeplerine okuwa girmäge isleg bildirýän dalaşgärlerden resmi resminamalary kabul etmek möwsümine badalga berildi.
Resminamalar welaýat merkezlerindäki degişli orta mekdeplerde, ýokary okuw mekdepleriniň özlerinde, şeýle-de Aşgabat we Arkadag şäherindäki ýokary okuw jaýlarynyň ýerleşýän ýerlerinde kabul edilýär. Orta hünär okuw mekdeplerine bolsa resminamalar her mekdebiň çäginde degişli tertipde kabul edilýär.
Ýokary okuw mekdeplerine, şeýle-de mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine resminamalar:
14 — 27-nji iýul aralygynda
Maliýe-ykdysady ugurly hem-de hojalyk hasaplaşygyndaky orta hünär okuw mekdeplerine bolsa:
14-nji iýul — 18-nji awgust aralygynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken degişli Buýrugyna laýyklykda, 2025–2026-njy okuw ýylynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine 16 müň 782 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine bolsa 10 müň 879 adam kabul ediler.
Täze okuw ýylyndan başlap, ýurdumyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerinde täze hünärler we taýýarlyk ugurlary açylýar. Bu täze ugurlar ýurdumyzyň ykdysady ösüşi, sanlylaşdyrma we halkara talabyna laýyk hünärmen taýýarlamak maksady bilen döredildi.
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary instituty:
«Demir ýol ulaglarynda ýükleri daşamagy guramak»
«Demir ýol ulagynyň gatnawyny awtomatlaşdyrmak we habardar etmek»
Telekommunikasiýalar we informatika instituty:
«Emeli aň ulgamlary we maglumatlary seljermek»
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty:
«Maglumat dolandyryş ulgamlary»
Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk instituty (magistratura):
«Maglumat ulgamlary we tehnologiýalary»
Türkmenistanyň Döwlet maliýe instituty (magistratura):
«Bank işi we maliýe»
«Salgyt menejmenti»
«Buhgalterçilik hasaba alyşy, analiz we audit»
Türkmenistanyň Ykdysadyýet we dolandyryş instituty (bakalawr):
«Ykdysadyýet we maglumatlaryň analizi»
«Halkara maliýe»
«Ykdysadyýet we statistika»
«Maliýe we karz»
Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty (bakalawr):
«Energiýa tygşytlaýjy tehnologiýalar we energetiki menejment»
Ýurdumyzyň bilim ulgamy häzirki zaman talaplaryna laýyklykda ösdürilýär. Täze ugurlar diňe bir ykdysadyýetiň däl, eýsem, ýaşlaryň innowasion pikirlenmeginiň hem ösüşine giň ýol açýar. Sanly ykdysadyýet, emeli aň, energiýa tygşytlylygy ýaly möhüm ugurlarda taýýarlyk berilmegi — ýurdumyzyň geljegi üçin möhüm ädimdir.
Keywords