Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mugallymlary Wepa Abdysetdarow we Mergen Nunnakow Ýaponiýanyň Sukuba uniwersitetiniň magistraturasyna okuwa iberildi.
Türkmen mugallymlary 2026-njy ýylyň 12-nji sentýabryndan 2029-njy ýylyň 31-nji martyna çenli dowam etjek okuw döwründe wodorod energetikasy we durnukly ösüş ugurlary boýunça bilim alarlar.
Okuw Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentligi (JICA) tarapyndan durmuşa geçirilýän «Durnukly ösüş maksatlarynyň ählumumy lideri» ösüş barlaglary maksatnamasynyň — JICA Development Studies Program «SDGs Global Leader» çäklerinde amala aşyrylýar. Bu barada «Türkmenistan: Altyn asyr» neşiri habar berýär.
Magistratura okuwynyň dowamynda türkmen mugallymlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmäge gönükdirilen ylmy-barlag işlerini alyp bararlar. Şeýle hem olar wodorod energetikasy we durnukly ösüş boýunça Ýaponiýanyň öňdebaryjy tejribesini öwrenmäge mümkinçilik alarlar.
Bu okuw türkmen hünärmenleriniň degişli ugurlardaky hünär bilimlerini we ylmy-barlag başarnyklaryny ösdürmäge, şeýle hem halkara tejribäni öwrenmäge ýardam eder.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.