
Geçen hepde dünýäniň tehnologiýa ägirdi Apple üçin taryhy pursat boldy. Kompaniýanyň paýnamalarynyň we satuwlarynyň artmagyna sebäp bolan esasy faktor — täze «MacBook Neo» modelidir. Tim Kukuň sözlerine görä, bu model ilkinji gezek Mac satyn alýanlaryň sany boýunça ähli döwürleriň rekordyny täzeledi. MacBook Neo-nyň bahasy 599 dollar (talyp we mugallymlar üçin 499 dollar) bolup, ol häzirki «MacBook Air M5» modelinden takmynan iki esse arzandyr.
Gyzykly tarapy, bu model diňe bir bahasy bilen däl, eýsem tehniki gurluşy bilen hem geň galdyrdy. Hünärmenler noutbugy söküp görenlerinde, onuň soňky 14 ýylyň içinde Apple tarapyndan çykarylan iň aňsat abatlanýan (repair-friendly) Mac-dygyny anykladylar. Onuň batareýasy ýelim bilen däl-de, ýörite 18 sany nurbat (bolt) arkaly berkidilipdir. Häzirki wagtda ABŞ-da bu noutbuklar doly satylyp gutardy we täze zakazlara 2-3 hepde garaşmaly bolunýar.
Keywords