
Dünýäniň awtoulag älemi uly tehnologik öwrülişigiň bosagasynda dur. Häzirki wagtda dünýäniň iň iri 25 awtoöndürijisiniň 12-si eýýäm önümçilikde emeli aňy, sanly modelleri we adam şekilli robotlary synagdan geçirýärler. Bu tehnologiýalar awtoulaglary ýygnamagyň tizligini artdyrmaga we hilini has-da gowulandyrmaga mümkinçilik berýär.
Günorta Koreýanyň «Hyundai» kompaniýasy 2028-nji ýyldan başlap ABŞ-daky zawodlaryna «Boston Dynamics»-iň robotlaryny ornaşdyrmagy meýilleşdirýär. Şol bir wagtyň özünde, Germaniýanyň «Mercedes-Benz» kompaniýasy önümçilikde «Apollo» robotlaryny synagdan geçirip başlady. Hünärmenleriň çykarymyna görä, emeli aňyň kömegi bilen täze modelleri bazara çykarmak üçin sarp edilýän wagt 50 göterime çenli azalar we önümçilik çykdajylary ep-esli tygşytlanar.
Keywords