
16-njy martda BMG-niň binasynda «Hawa! Biz inçekeseli ýok edip bileris!» şygary astynda garyşyk (gibrid) görnüşli maslahat geçirildi. Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň (BSG) Ýurt boýunça edarasy tarapyndan guralan bu çäre Bütindünýä inçekesele garşy göreş gününe we Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli strategiýasyna bagyşlandy.
Maslahatyň dowamynda bilermenler Türkmenistanyň inçekesele garşy göreşmek boýunça 2021–2025-nji ýyllar üçin Milli strategik meýilnamasyndan, bu keseli ýok etmek baradaky ählumumy maksatlara laýyk gelýän 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli strategiýasyna geçiş meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Keseli irki döwürde ýüze çykarmagyň usullaryna, täze sanjymlaryň ornaşdyrylmagyna we Türkmenistanyň dermanlara durnukly inçekeseliň çylşyrymly görnüşlerini bejermekdäki tejribesine aýratyn üns berildi.
Maslahata gatnaşyjylar ýurduň ugurdaş ýokanç kesellere, şol sanda AIW (WİÇ), gepatit B we C garşy göreşmekdäki öňegidişliklerine, şeýle hem ýokançlaryň eneden çaga geçmeginiň öňüni almak boýunça başlangyçlara seretdiler.
BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM), BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) we Gyzyl Ýarymaý milli jemgyýetiniň wekilleri Türkmenistana saglygy goraýyş maksatnamalaryny durmuşa geçirmekde goldaw bermäge taýýardyklaryny tassykladylar.
Bütindünýä inçekesele garşy göreş güni her ýylyň 24-nji martynda bellenilýär. Şonuň üçin hem, bu maslahat «Inçekeselsiz Merkezi Aziýa» başlangyjynyň çäklerinde sebitleýin hyzmatdaşlygy berkitmekde möhüm ädim boldy.
Keywords