
Bäbegiň ilkinji dişiniň çykmagy maşgalanyň iň şatlykly pursatlarynyň biri hasaplanýar. Hünärmenler süýt dişiniň ýarmagynyň çaganyň eňeginiň ösüşine, agyz boşlugynyň gurluşyna we sözleýşine täsir edýändigini belleýärler. Bäbegiň diş çykarýan döwri kyn geçse-de, ýylgyranda 2-3 sany akja dişleriň görünmegi ähli aladany ýatdan çykarýar. Geçirilen soňky ylmy barlaglarda süýt dişleriniň çaganyň beden ösüşini we saglyk ýagdaýyny anyklamaga ýardam edýändigi ýüze çykaryldy. Bilermenleriň pikiriçe, çaga heniz ene garnynda wagty, ýagny altynjy hepdede dişleriň köki emele gelip başlaýar. Üçünji we dördünji aýda dişleriň berk gurluşyny emele getirýän dokumalar ösýär. Seýrek ýagdaýda käbir çaga süýt dişine meňzeş kiçijik gurluşlar bilen hem doglup bilýär. «Dogulma dişleri» diýlip atlandyrylýan bu ösüntgiler süýt dişlerinden tapawutlanýar we iki aýyň içinde öz-özünden düşýär. Soňra olaryň ýerine hemişelik süýt dişleri çykýar.
HAÇAN DIŞ ÇYKÝAR?
Çagalarda diş çykarmak adatça 6-9 aý aralygynda başlaýar. Adatça, ilkinji bolup ýokary we aşaky alynky dişler çykýar. Çagalaryň köpüsinde iki ýaşyna çenli 20 süýt dişiniň hemmesi bolýar. Bu ýagdaý çagalaryň hemmesinde meňzeş däl. Iýmitleniş we saglyk ýagdaýyna görä, diş çykarmak wagty her çagada dürli-dürli bolýar. Käbir çaga has ir diş ýarsa, käbir çaga has giç hem diş çykyp bilýär. Mysal üçin, çagalar 15 aýlykdan soň hem diş çykyp bilýär.
SÜÝT DIŞINIŇ ÄHMIÝETI
Süýt dişleri çaganyň diňe iýmitlenmegi däl, eýsem, dogry geplemegi üçin hem möhümdir. Esasan hem, alynky dişler «t», «d» ýaly käbir harpy dogry aýtmaga ýardam edýär. Hünärmenler çaganyň dogry geplemegi üçin süýt dişlerine ideg edilmelidigini belleýärler. Çaganyň dişini ýumşak çotgajyk bilen süpürmek, şekerli iýmitleri bermekden saklanmak we rezin emzikleriň ulanylyşyny çäklendirmek süýt dişiniň kadaly ösmegi üçin zerur şertler hasaplanýar. Süýt dişleri 6 ýaşda düşüp başlaýar we hemişelik uly dişler çykýar. Şol sebäpli çagalara 3 ýaşyndan başlap dişini ýuwmagy öwretmeli we endik etdirmeli.
Keywords