
Lukmançylyk diňe bir ylym däl, eýsem ol ynsanyň ykbalyna täsir edýän uly jogapkärçilikdir. Lebap welaýat Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkeziniň lukmany Merdan Rozykow üçin soňky bäş ýyl hünär we ynsanperwerlik taýdan täze basgançak boldy. Ol Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Haýyr-sahawat gaznasynyň döredilen gününden bäri onlarça çaganyň durmuşyny üýtgeden çylşyrymly operasiýalara gatnaşyp gelýär.
«Operasiýa otagyndan çykanyňda, garaşyp oturan enäniň 'Lukman, çagam oňatmy?' diýen sowalyna 'Hawa, indi hemme zat gowy bolar' diýip jogap bermek — lukman üçin iň uly bagtdyr» diýip, Merdan Rozykow belleýär. Onuň aýtmagyna görä, gaznanyň serişdeleri hasabyna ýurdumyzyň lukmançylyk ulgamyna iň döwrebap dünýä tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy, hünärmenleriň tejribesiniň yzygiderli ýokarlandyrylmagyna mümkinçilik berýär.
Lukman Merdan Rozykow we onuň kärdeşleri ýaş nesliň saglygyny dikeltmekde öz gaýratyny gaýgyrman, her bir şowly geçen operasiýany döwletimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen şygarynyň amaly subutnamasy hökmünde kabul edýärler.
Keywords