
Türkmenistanyň milli ýygyndysy Aziýa Kubogy – 2027-niň final tapgyryna çykmaga örän golaý geldi, emma soňky pursatda mümkinçiligi elden berdi. 31-nji martda Bangkokyň «Radžamangala» stadionynda geçirilen D toparynyň çözüji duşuşygynda biziň futbolçylarymyz Taýlanddan 1:2 hasabynda utuldylar.
Oýnuň 14-nji minutda öý eýeleri hasaby açdy. 60-njy minutda Timur Çaryýew jerime meýdançasynyň daşyndan uran güýçli urgy bilen hasaby deňledi. Bu hasap Türkmenistanyň çykyşyny dowam etmegi üçin ýeterlikdi, emma 89-njy minutda M. Bir burçdan urlan pökgini derwezä girizip, Taýlanda ýeňiş getirdi. 15 utuk bilen Taýland Aziýa Kubogyna ýollanma aldy, Türkmenistan bolsa saýlama tapgyryny ikinji orunda tamamlady.
Material «Amul Info» sport redaksiýasy tarapyndan Bangkokdaky oýnuň netijeleri esasynda taýýarlandy.
Keywords