
Şu gün agşam Ýewropada Dünýä çempionaty — 2026-nyň saýlama tapgyrynyň iň soňky we iň möhüm duşuşyklary geçiriler. 4 oýun, 4 ýeňiji we dünýä forumyna 4 sany soňky petek.
Italiýanyň ýygyndysy Bosniýa we Gersegowinanyň myhmany bolar. Şeýle hem, Türkiýäniň milli ýygyndysy Kosowonyň meýdançasynda çylşyrymly synagdan geçer. Şwesiýa — Polşa we Çehiýa — Daniýa duşuşyklary bolsa muşdaklara hakyky futbol baýramyny peşgeş berer. Ýeňijiler Amerikanyň, Kanadanyň we Meksikanyň ýollaryna rowana bolar.
Material «Amul Info» sport redaksiýasy tarapyndan FIFA-nyň resmi maglumatlary esasynda taýýarlandy.
Keywords