
Daşkentde Türk döwletleriniň guramasyna (TMG) agza ýurtlaryň kosmos edaralarynyň ýolbaşçylarynyň bäşinji mejlisi tamamlandy. Gün tertibiniň esasy meselesi — bilelikdäki tehnologiki emeli hemrany işläp düzmek we orbita çykarmak başlangyjy boldy.
Taslamanyň durmuşa geçirilmegi Özbegistan bilen bir hatarda Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň we Türkiýäniň ylmy-tehniki mümkinçilikleriniň çuňňur utgaşdyrylmagyny talap eder. Özara hyzmatdaşlyk diňe bir enjamy gurnamak we uçurmak bilen çäklenmeýär. Şeýle hem tehnologiýalaryň doly transferini amala aşyrmak, bilelikde ylmy barlaglary geçirmek we hünärmenleri taýýarlamakda tejribe alyşmak meýilleşdirilýär.
Taslanylýan kosmos enjamy döwlet ähmiýetli amaly wezipeleri çözmek üçin bitewi platforma hökmünde hyzmat eder. Esasy üns Ýeri uzakdan zondirlemek (gözegçilik etmek) ulgamyna berler. Bu bolsa gatnaşyjy ýurtlara oba hojalyk meýdanlaryna gözegçilik etmegi, suw serişdelerini dolandyrmagy we ekologiýa gözegçiligini optimallaşdyrmaga mümkinçilik berer. Mundan başga-da, duşuşyga gatnaşyjylar emeli hemradan alynýan maglumatlary adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüni alyş mehanizmlerine integrirlemek we geoinformasion ulgamlar (GIS) hem-de uly maglumatlar (Big Data) esasynda öňünden çaklaýyş seljermeleriniň takyklygyny ýokarlandyrmak meselelerine garadylar.
Häzirki wagtda dünýäniň kosmos industriýasynyň göwrümi 500 milliard dollardan geçýär we bu bazar yzygiderli ösmegini dowam etdirýär. Şeýle makroykdysady şertlerde tagallalary birleşdirmek iňňän oýlanyşykly ädimdir. Gymmat bahaly ylmy işläp düzmeleriň maliýe çykdajylarynyň paýlaşylmagy, sebitdäki döwletlere bäsdeşlige ukyplylygy saklamaga we dünýäniň tehnologiki standartlaryna laýyk gelmäge mümkinçilik berýär. Mejlisiň protokolynda hususy maýany çekmegiň we kadr potensialyny artdyrmagyň zerurdygy aýratyn bellenip geçildi, sebäbi bu faktorlar bolmazdan pudagyň uzak möhletleýin ösüşini üpjün etmek mümkin däl.
Häzirki wagta çenli TMG-na agza döwletler aerokosmos pudagynda belli bir binýady kemala getirdiler. Gazagystan we Türkiýe Ýeri uzakdan zondirleýän öz emeli hemralaryny uçurmakda tejribesi bar, Azerbaýjan orbital telekommunikasiýa hyzmatlaryny işjeň giňeltýär, Özbegistan bolsa içerki serişdeleri hasaba almak we paýlamak üçin kosmos arkaly gözegçilik usullaryny üstünlikli ornaşdyrýar.
Keywords