Azyk bolçulygyna mynasyp goşant

Türkmenabatdaky 1-nji çörek kärhanasynyň işçi-hünärmenleriniň halal we asylly zähmetleriniň netijesinde, ýurdumyzda azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine mynasyp goşant goşulýar. “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilen 2025-nji ýylyň birinji çärýeginiň jemleri boýunça kärhanada ýokary önümçilik netijeleri gazanyldy.
Meýilnamada şu ýylyň ýanwar-mart aýlarynda 1 müň 26 tonna çörek we çörek önümleriniň taýýarlanylmagy göz öňünde tutulandygyna garamazdan, üç aýyň dowamynda 2 müň 545 tonnadan gowrak harytlyk önüm öndürilip, sarp edijilere ýetirildi. Bu görkeziji meýilnama bilen deňeşdirilende 248 göterim ösüşi üpjün etdi.
Kärhanada häzirki wagtda 9 görnüşli çörek we çörek önümleri taýýarlanýar. Olar hatarynda “Galyply” çöregi, “Höwesli”, “Altyn däne”, “Ak bugdaý”, “Toý”, “Erteki”, “Talyp”, “Kömelek” we “Baton” ýaly dürli görnüşli önümleri görkezmek bolar. Bu çörek önümleri hili we tagamy boýunça tapawutlanyp, şäheriň ýaşaýjylary tarapyndan uly isleg bilen satyn alynýar.
Bu üstünlikleriň gazanylmagynda kärhananyň işçi-hünärmenleriniň yhlasly zähmeti aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Esasy önümhananyň çörek bişirijileri Hemragül Sahatowa, Dilfuza Seýidowa, “Milli çörek” önümhanasynyň çörek bişirjileri Perhat Sapargulyýew, Merziýa Bekiýewa, “Döwletli” önümhanasynyň çörek bişirijisi Muhabbat Kurbanowa hem-de kärhananyň “Çörekli mekan” şahamçasynyň çörek bişirjisi Maral Jumajewa özleriniň gaýratly zähmeti bilen kärdeşlerine görelde bolup çykyş edýärler.
Şeýle asylly işleri ýerine ýetirýän işgärleriň tutanýerli zähmeti bilen döredilýän azyk bolçulygy, hormatly Prezidentimiziň oba hojalyk we azyk syýasatynda öňe sürýän maksatlarynyň üstünlikli amala aşyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.