"Inter Maýami" we "Al-Ahli" klublary 2025-nji ýyldaky Klub dünýä çempionatynyň açylyş duşuşygynda deňme-deň oýnady
Inter Maýami bilen Al-Ahli 2025-nji ýyldaky Futbol boýunça Klub Dünýä Çempionatynyň açylyş duşuşygynda 0:0 hasaby bilen deňme-deň oýnady.

Duşuşyk Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Maýami şäherindäki Hard Rok stadionynda geçirildi we janköýerler stadiony doldurdy. Olaryň köpüsi Lionel Messi bilen Luis Suaresiň çykyşyna garaşýardy.
Duşuşygyň birinji ýarymynda meýdan dolulygyna Müsür kluby Al-Ahli-niň elinde boldy. Olar topa eýelik etdi we howply pursatlar döretdi. 43-nji minutda Zizo garşy edilen düzgün bozma sebäpli "Al-Ahli" 11 metrlik jerime urgusyny gazandy. Emma Trezegeniň urgusyny "Inter Maýami" derwezebany Oskar Ustari ugruny dogry çaklap saklamagy başardy.
Ikinji ýarym has deň şertlerde geçdi. Amerikaly futbolçylar, esasanam duşuşygyň soňlarynda jerime urgulary arkaly garşydaşy basyş astynda saklady, ýöne Al-Ahli-niň goragçylary özleriniň ýokary derejesini görkezdi. Netijede duşuşyk 0:0 hasaby bilen tamamlandy.
Duşuşygyň statistikasynyň gysgaça beýany
Futbol boýunça Klub Dünýä Çempionaty — 2025, A topary
Stadion: Hard Rock Stadium (Maýami, ABŞ)
Netije: Inter Maýami — Al-Ahli 0:0
Toparlaryň düzümindäki futbolçylar
Al-Ahli (Müsür):
Mohamed El-Şenawi, Mohamed Hani, Aşraf Dari, Marwan Atia, Hamdi Fathi, Emam Aşur (Zizo, 14'), Trezeguet (Taher Mohamed, 65'), Yasser Ibrahim, Ahmed Nabil Koka, Mohamed Ben Romdane (Hussein El Şahat, 65'), Wessam Abou Ali (Nejc Gradisar, 79')
Inter Maýami (ABŞ):
Oskar Ustari, Noa Allen, Maksimiliano Falkon, Tomas Awiles (Marselo Weigandt, 46'), Aýan Fraý, Telasko Segowia (Benjamin Kremaski, 72'), Serhio Buskets, Federiko Redondo, Luis Suarez, Lionel Messi, Tadeo Allende (Fafa Piko, 81')
Duşuşykda duýduryş alan futbolçylar:
-
Tomas Awiles (25')
-
Federiko Redondo (31')
-
Serhio Buskets (86')
-
Marwan Atia (90+2')
-
Luis Suarez (90+2')
Indiki duşuşyklar — 22-nji iýunda
-
Inter Maýami — Portu (Portugaliýa)
-
Al-Ahli — Palmeýras (Braziliýa)