Emeli aň ýüregiň durmagyny iki hepde öňünden anyklamagy öwrendi

Emeli aň

Apr 16, 2025 - 18:20
Emeli aň ýüregiň durmagyny iki hepde öňünden anyklamagy öwrendi

Fransiýadan we ABŞ-dan halkara alymlar topary ýüregiň duýdansyz durmak howpuny iki hepde öňünden anyklap bilýän innowasion emeli aň ulgamyny işläp düzdiler. Bu barada geçirilen ylmy-barlagyň netijeleri «European Heart Journal» žurnalynda çap edildi.

Bu tehnologiýa dünýäniň alty ýurdundan bolan 240 müňden gowrak adamyň elektrokardiogramma (EKG) maglumatlarynyň seljermesine esaslanýar. Neýrotor ýüregiň garynjyklarynyň elektriki işjeňliginiň wagty bilen baglanyşykly aýratynlyklara ünsi jemläp, agyr bolmadyk, ýöne ýüregiň işleýşine täsir edýän möhüm üýtgeşmeleri ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.
Barlagyň awtorlaryndan, Parižiň ýürek-damar barlaglar merkeziniň kardiology Loran Fiorinanyň bellemegine görä, bu ulgam ýürek ritmleriniň bozulmagyna (aritmiýa) sezewar boljak adamlaryň 70%-ini dogry kesgitläpdir, nädogry oňyn netijeleriň paýy bolsa bary-ýogy 0,1% bolupdyr.
Adaty diagnoz usullary ýüregiň duýdansyz durmagyny öňünden çaklamaga, köplenç, ukypsyz bolýar. Emma täze ulgam ýokary töwekgelçilikdäki adamlaryň ýaşaýyş ähtimallygyny ep-esli ýokarlandyrmagy wada berýär. Alymlar indi bu ulgamy hakyky şertlerde barlap görmek üçin kliniki synaglary geçirmegi meýilleşdirýärler. Synaglar üstünlikli geçse, tehnologiýa hassahanalardaky monitorlara ornaşdyrylar, geljekde bolsa hatda akylly sagatlar ýa-da beýleki şahsy enjamlar bilen hem ulanylyp bilner.