Rowaýatym–Taryhym": Talyp ýaşlar Amul galasynda milli mirasa syýahat etdiler

Apr 17, 2025 - 16:56
Rowaýatym–Taryhym": Talyp ýaşlar Amul galasynda milli mirasa syýahat etdiler

Ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäher Geňeşi hem-de S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen bilelikde Gahryman Arkadagymyzyň halkymyzyň şöhratly geçmişine bagyşlap ýazan “Hakyda göwheri” atly kitabyndaky “Taryha syýahat” babyndan ruhlanyp, ýaşlaryň arasynda milli mirasymyzy, taryhy-medeni gymmatlyklarymyzy giňişleýin tanatmak maksady bilen gezelenç gurnaldy. “Rowaýatym–taryhym” ady bilen geçirilen bu çäre Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäherinde ýerleşýän taryhy Amul galasynda geçirildi.

Gezelenjiň dowamynda ýaşlara Amul galasynyň müňýyllyklara uzaýan taryhy, onuň “Amurt”, “Çarjuý”, “Çagryjoýa” ýaly atlar bilen tanalandygy, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşip, Eftaly, Garahanly, Gaznaly, Seljukly ýaly beýik döwletleriň döwründe söwda, ylym, sungat we medeniýetiň ösen merkezi bolandygy giňişleýin gürrüň berildi. Amul şäheriniň geçmişde diňe bir ykdysady taýdan däl, eýsem, ylym we medeniýet taýdan hem Gündogaryň meşhur merkezleriniň biri bolandygy, bu ýerdäki baý ruhy we maddy mirasyň häzirki döwrümiz üçin hem uly ähmiýete eýedigi aýratyn nygtaldy.

Gezelenje gatnaşan talyp ýaşlar milli taryhymyzy, medeniýetimizi içgin öwrenmek, olary ösdürmek babatynda döredilen giň mümkinçilikler üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden minnetdarlyk sözlerini beýan etdiler.