ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Koreýa Respublikasynyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda amala aşyrylmagy meýilleşdirilýän iri energetika taslamalaryna 200 milliard dollara çenli maýa goýmagy göz öňünde tutýandygyny mälim etdi. Onuň aýtmagyna görä, bu maýa goýumlar ABŞ-nyň taryhynda energetika infrastrukturasyna gönükdirilen iň iri maýa goýumlarynyň biri bolar.

Ak Tamda maýa goýum meýilnamasyny yglan eden Donald Trampyň bellemegine görä, taslamalaryň çäginde Tehas ştatynda kuwwaty 6 gigawata deň bolan dünýäniň iň iri gaz elektrik stansiýalarynyň birini, sekiz sany täze iri atom elektrik stansiýasyny gurmak göz öňünde tutulýar.

Mundan başga-da, Alýaskada suwuklandyrylan tebigy gazy (STG) daşamak üçin täze turbageçirijiniň gurluşygy meýilleşdirilýär. Habarda görkezilişi ýaly, bu turbageçirijiniň geçirijilik kuwwaty günde takmynan 4 milliard kub futa deň bolar.

Meýilleşdirilýän taslamalar ABŞ-nyň energetika infrastrukturasyny ösdürmäge, elektrik energiýasynyň önümçilik kuwwatyny artdyrmaga we tebigy gazy daşamak mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilendir. Şeýle hem bu başlangyçlar iki ýurduň energetika pudagyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyny ösdürmek üçin möhüm ähmiýete eýe bolup biler.