Türkmenistanly türgen Muminjan Arzikulow Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde geçirilen sambo boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda altyn medal gazandy. Bu barada Lebap.biz internet neşiri habar berýär.

Türkmen pälwany söweş sambosy boýunça 71 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ähli garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy. Ol altyn medala barýan ýolda bäş duşuşyk geçirip, ýokary ussatlygyny görkezdi.

Ýaryşyň 1/16 final tapgyrynda russiýaly Rolan Zinnatowy 1:0 hasabynda ýeňen Muminjan Arzikulow, 1/8 finalda tunisli Omar Reguigini 4:0 hasabynda utup, indiki tapgyra çykdy. Çärýek finalda niderlandly Dawid wan Dorn bilen duşuşyp, 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy.

Ýarym finalda gazagystanly Nýatkhan Toleuhan bilen güýç synanyşan türkmen türgeni bu tapgyrda hem üstün çykyp, finala gatnaşmaga hukuk gazandy. Altyn medal ugrunda geçirilen aýgytly tutluşykda ukrainaly Andreý Kuçerenko bilen duşuşan Muminjan Arzikulow 4:2 hasabynda ýeňiş gazanyp, dünýä çempionatynyň altyn medalyna eýe boldy.

Şeýlelikde, türkmen türgeniniň çempionatda geçiren duşuşyklarynyň netijeleri şu aşakdaky ýaly boldy: 1/16 finalda Rolan Zinnatow (Russiýa) bilen duşuşykda 1:0, 1/8 finalda Omar Reguigi (Tunis) bilen tutluşykda 4:0, çärýek finalda Dawid wan Dorn (Niderlandlar) bilen duşuşykda 2:0, ýarym finalda Nýatkhan Toleuhan (Gazagystan) bilen geçirilen tutluşykda ýeňiş, finalda bolsa Andreý Kuçerenko (Ukraina) bilen duşuşykda 4:2 hasabynda üstün çykdy.

Muminjan Arzikulowyň bu üstünligi onuň dünýä çempionatlarynda gazanan ikinji altyn medalydyr. Ol mundan ozal 2024-nji ýylyň 8–10-njy noýabrynda Gazagystanda geçirilen sambo boýunça dünýä çempionatynda hem altyn medal gazanypdy.