ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp William (Wil) Makaneoleni Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine hödürledi. Bu barada 2026-njy ýylyň 28-nji sentýabrynda Ak Tamyň resmi internet sahypasynda habar berildi.
William Makaneole kim?
William Makaneole ABŞ-nyň Gawaýi ştatynda önüp-ösen tejribeli diplomatlardan biridir. Ol Gawaýiniň Kahuku şäherçesinde ulalypdyr. Harby gullukçynyň maşgalasynda terbiýelenen Makaneole çagalyk ýyllarynyň bir bölegini daşary ýurtlarda geçiripdir.
Ol 2001-nji ýylyň 17-nji sentýabrynda ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Diplomatik howpsuzlyk gullugynda işe başlapdyr. Şondan bäri diplomatiýa, milli howpsuzlyk we halkara gatnaşyklar bilen bagly dürli wezipelerde işläp, tejribe toplapdyr.
Ak Tamyň iki administrasiýasynyň döwründe işledi
William Makaneole ABŞ-nyň Prezidentleri Donald Trampyň we Jo Baýdeniň dolandyryş döwürlerinde Ak Tamda halkara terrorçylyk howplary bilen bagly meseleler boýunça direktor wezipesinde işläpdir.
Mundan başga-da, ol ABŞ-nyň Goranmak ministrliginde we Döwlet departamentiniň dürli düzüm birliklerinde wezipeleri ýerine ýetiripdir. Onuň hünär tejribesi diplomatik howpsuzlyk, halkara hyzmatdaşlyk we milli howpsuzlyk ugurlaryny öz içine alýar.
Ilçi wezipesine bellenmegi üçin Senatyň tassyklamagy zerur
William Makaneoleniň ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçisi wezipesine hödürlenmegi onuň bu wezipä resmi taýdan bellenendigini aňlatmaýar. ABŞ-nyň kanunçylygyna laýyklykda, ilçi wezipesine dalaşgär Prezident tarapyndan hödürlenenden soň, onuň bellenilmegi üçin Senatyň razylygy zerurdyr.
Dalaşgärligi Senat tarapyndan tassyklanan ýagdaýynda, William Makaneole ABŞ-nyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellenip biler.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.