Türkmenistanyň milli ykjam aragatnaşyk operatory bolan «Altyn Asyr» ýapyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tor infrastrukturasyny we tehniki enjamlaryny giň gerimde döwrebaplaşdyrmaga taýýarlanýar. Bu ugurdaky teklipler 2026-njy ýylyň 17-nji oktýabrynda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinde makullandy.
Mejlisde Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýram Annaýew ýokary tehnologiýaly enjamlary satyn almak we sanly çözgütleri işläp taýýarlaýan dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalary bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi.
Döwrebaplaşdyrmak taslamasy ykjam aragatnaşyk torunyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmaga, ýurduň ähli welaýatlarynda 4G ulgamynyň gurşawyny durnukly giňeltmäge hem-de täze sanly hyzmatlary ornaşdyrmak üçin zerur tehniki binýady döretmäge gönükdirilendir.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullap, ilatyň we hojalyk işlerini alyp barýan kärhanalaryň elýeterli nyrhlardan üznüksiz hem-de ýokary tizlikli ykjam aragatnaşyk hyzmatlary bilen üpjün edilmeginiň zerurdygyny nygtady.
Meýilleşdirilýän döwrebaplaşdyrma ykjam aragatnaşyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmaga, toruň durnuklylygyny berkitmäge we sanly hyzmatlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge ýardam etmelidir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.