2026-njy ýylyň 21–23-nji oktýabrynda Aşgabatda geçiriljek «Türkmenistanyň nebiti we gazy – OGT 2026» atly halkara maslahatynyň we sergisiniň myhmanlarynyň arasynda Aly atly adam şekilli robot hem bolar. Bu barada forumyň guramaçylary «Turkmen Energy Forum» guramasynyň Instagram sahypasynda habar berdiler.
Guramaçylaryň maglumatyna görä, Hytaýyň «Unitree Robotics» kompaniýasy tarapyndan öndürilen Unitree G1 görnüşli robot sergä gatnaşyjylara we myhmanlara tanyşdyrylar.
Çäräniň dowamynda Aly atly robot myhmanlar bilen duşuşar. Gatnaşyjylar onuň mümkinçilikleri bilen tanyşyp, adam şekilli robotlaryň ösüşi, häzirki zaman robot tehnologiýalary we adamlaryň akylly maşynlar bilen özara gatnaşygy barada düşünje alyp bilerler.
Unitree G1 nähili robot?
Unitree G1 iki aýakda hereket edýän adam şekilli robotdyr. Ol ýöremek, deňagramlylygyny saklamak, ellerini we barmaklaryny hereketlendirmek ýaly hereketleri ýerine ýetirmäge ukyplydyr. Robotyň boýy takmynan 132 santimetr, agramy bolsa 35 kilogram töweregidir.
Bu görnüşli robotlar emeli aň, robototehnika we awtomatlaşdyryş tehnologiýalaryny ösdürmek, şeýle hem olaryň amaly mümkinçiliklerini öwrenmek üçin ulanylýar.
Aly atly robotyň OGT 2026 halkara forumynda görkezilmegi çäräniň çäklerinde diňe bir nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga däl, eýsem, innowasion tehnologiýalara we häzirki zaman ylmy işläp taýýarlamalaryna hem üns berilýändigini görkezýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.