PET çüýşelerini gaýtadan işläp, süýüm önümlerini öndürýän «Arassa Ädim» hojalyk jemgyýeti Daşoguz we Balkan welaýatlaryndaky önümçilik kärhanalary üçin täze işgärleri işe kabul edýändigini habar berdi.

Häzirki wagtda Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynda hem-de Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde ýerleşýän kärhanalarda birnäçe boş iş orny bar.

Işe kabul ediljek hünärmenleriň arasynda önümçilik müdiri we hasapçy (buhgalter) bar. Önümçilik müdiri wezipesine dalaşgärlerden iş tejribesi we önümçilik işlerine gowy düşünmek başarnygy talap edilýär. Gurluşyk ulgamyndaky tejribe goşmaça artykmaçlyk hökmünde göz öňünde tutulýar.

Hasapçy kärhananyň maliýe hasabatlylygyny, şol sanda girdeji-çykdajy amallarynyň hasabyny ýöretmek bilen meşgullanar.

Mundan başga-da, iki önümçilik kärhanasynyň meýdançalarynda işlemek üçin işçiler hem işe kabul edilýär. Bu wezipä dalaşgärlerden öňki iş tejribesi talap edilmeýär. Esasy şert — dalaşgäriň 18 ýaşyny dolduran bolmagy.

Boş iş orunlary bilen gyzyklanýan raýatlar goşmaça maglumat almak we işe ýerleşmek meselesi boýunça +993 71 46 87 36 telefon belgisine jaň edip bilerler.