Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň wekilleri Niderlandlar Patyşalygyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda gümrük ulgamyny sanlylaşdyrmak we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak boýunça tejribe öwrendiler.
Sapary Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýeti (GIZ) Ýewropa Bileleşigi bilen bilelikde maliýeleşdirilýän «Merkezi Aziýada söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge ýardam bermek / Transhazar ulag geçelgesiniň mümkinçiliklerini ösdürmek» maksatnamasynyň çäklerinde gurady.
Saparyň esasy maksady gümrük amallaryny döwrebaplaşdyrmakda öňdebaryjy tejribeleri bilen tanalýan Niderlandlaryň degişli edaralarynyň sanly çözgütlerini we innowasion iş usullaryny öwrenmekden ybarat boldy.
Maksatnamanyň çäklerinde türkmen wekiliýeti birnäçe iş duşuşyklaryna gatnaşdy. Hünärmenler Delft tehniki uniwersitetinde uly göwrümli maglumatlary işlemek we howpsuz söwda geçelgelerini ösdürmek boýunça alnyp barylýan ylmy işler bilen tanyşdylar. Şeýle hem Niderlandlaryň gümrük gullugynyň Merkezi diwanyna we Rotterdam portuna baryp, töwekgelçilikleri seljermegiň häzirki zaman ulgamlaryny, ýokary tehnologiýaly barlag we skanirleme enjamlarynyň mümkinçiliklerini öwrendiler.
Saparyň dowamynda emeli aň esasynda işleýän maglumat tehnologiýalaryna aýratyn ähmiýet berildi. Niderlandly hünärmenler harytlary Daşary ykdysady işiň haryt nomenklaturasy boýunça awtomatiki toparlara bölmek, resminama dolanyşygyny sanlylaşdyrmak we gümrük resmileşdirilişini çaltlandyrmak üçin ulanylýan çözgütleri görkezdiler.
Saparyň netijesinde alnan bilimleriň we tejribeleriň Türkmenistanyň gümrük ulgamyny döwrebaplaşdyrmaga, üstaşyr ulag mümkinçiliklerini ösdürmäge hem-de halkara söwda amallaryny ýönekeýleşdirmäge ýardam bermegine garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.