2026-njy ýylyň 19–21-nji oktýabrynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde VIII Ählumumy howpsuzlyk forumy (Global Security Forum 2026) geçirildi. Halkara çärä 100-den gowrak döwletiň ýokary wezipeli wekilleri, diplomatlary we bilermenleri gatnaşdy. Türkmenistana Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar ylmy merkeziniň direktory Şiri Şiriýew wekilçilik etdi.

Forum Katar Howpsuzlyk barlaglary boýunça halkara akademiýasy (QIASS) hem-de «The Soufan Center» garaşsyz, täjirçilik maksady bolmadyk guramasy tarapyndan bilelikde guraldy. Çäre Kataryň Premýer-ministri we daşary işler ministri şeýh Mohammed bin Abdulrahman Al-Taniniň howandarlygynda geçirildi.

Maslahatyň dowamynda halkara howpsuzlygyny pugtalandyrmak, täze hyzmatdaşlar bilen gatnaşyklary ösdürmek we häzirki zaman howplaryna garşy göreşde döwletleriň bilelikdäki tagallalaryny utgaşdyrmak meselelerine garaldy. Şeýle hem geosyýasy dartgynlyk, halkara guramalarynyň araçylykdaky orny, gapma-garşylykly sebitlerde hyzmatdaşlyk we köpugurly hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Forumyň gün tertibinde Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň halkara parahatçylygyny we howpsuzlygyny berkitmekdäki ähmiýetine aýratyn orun berildi. Türkmenistanyň çemeleşmesi bitaraplygyň dünýä meselelerinden daşda durmak däl-de, eýsem, gepleşikler, özara hormat goýmak we öňüni alyş diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygyna goşant goşmakdygyny görkezýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2024-nji ýylyň 25-nji oktýabrynda BRICS sammitinde eden çykyşynda hem ýurduň bitaraplyk derejesini parahatçylyk başlangyçlaryny öňe sürmekde, sebit we ählumumy howpsuzlygy pugtalandyrmakda, döwletara gatnaşyklarda deňhukukly dialogy ösdürmekde ulanýandygy bellenilipdi.

Forumyň çäklerinde türkmen wekiliýetiniň Kataryň Emiriň milli howpsuzlyk boýunça geňeşçisi Mohammed bin Ahmed Al-Misnad we Katar Howpsuzlyk barlaglary boýunça halkara akademiýasynyň ýerine ýetiriji direktory Ali Soufan bilen duşuşyklary geçirildi.

Duşuşyklarda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, şol sanda onuň Strategik barlaglar ylmy merkezi bilen Kataryň degişli düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Dohada geçirilen forum döwletleriň arasynda özara ynamy berkitmek, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmek we jedelli meseleleri parahatçylykly, diplomatik ýollar arkaly çözmegiň mümkinçiliklerini ösdürmek üçin möhüm halkara meýdança boldy. Şeýle çäreler Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerini halkara hyzmatdaşlygynyň amaly ugurlarynda ilerletmäge hem şert döredýär.