
Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky medeni-gumanitar hyzmatdaşlygyň çäklerinde, dünýä arheologiýasynyň iň uly açyşlarynyň biri bolan gadymy Marguş (Margiana) döwletiniň ýadygärliklerine bagyşlanan bilelikdäki sergi geçiriler. Iki ýurduň çäklerinde guraljak bu halkara çäräniň taslamasy barada Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Iwan Wolynkin «Neýtralnyý Turkmenistan» gazetinde çap edilen makalasynda habar berdi.
Diplomatyň bellemegine görä, Russiýa tarapynyň başlangyjy bilen taýarlanylýan bu serginiň Russiýadaky dabaraly bölegini A.S. Puşkin adyndaky Döwlet şekillendiriş sungaty muzeýinde geçirmek göz öňünde tutulýar.
Geçiriljek serginiň esasy özeni we merkezindäki gymmatlyklar gadymy Marguş patyşalygynyň paýtagty bolan Gonurdepe şäherçesinden tapylan taryhy tapyndylardan ybarat bolar. Biziň eramyzdan öňki 2300—1500-nji ýyllara degişli bolan bu künjekden ýüze çykarylan we häzirki wagtda Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýinde hem-de Mary welaýatynyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde aýawly saklanýan on müňlerçe gymmatlyklar ilkinji gezek şeýle giň gerimde köpçülige görkeziler.
Eksponatlaryň arasynda ýokary çeperçilikli altyn we kümüş şaý-sepler, daşdan, süňkden hem-de bürünçden ýasalan täsin taryhy esbaplar bolar.
Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky arheologik gözlegleriň we hyzmatdaşlygyň 50 ýyldan gowrak taryhy bar. Bu döwrüň içinde iki ýurduň alymlary Gonurdepe, irki ekerançylyk merkezi bolan Ýylgynlydepe we Köne Nusaý ýadygärliklerinde dünýä ähmiýetli gazuw-agtaryş işlerini geçirdiler.
Alymlaryň berýän bahalaryna görä, gadymy Marguş siwilizasiýasy özüniň taryhy we medeni gymmaty boýunça Mesopotamiýa, Müsür, Hytaý we Hindistan ýaly dünýä medeniýetiniň iň uly ojaklary bilen bir hatarda durýar.
Bu geçiriljek sergi diňe bir taryhy gymmatlyklary däl, eýsem iki ýurduň ylmy we medeni gatnaşyklarynyň täze bir tapgyra gadam basandygynyň aýdyň subutnamasy bolar.
Keywords