
Seýitnazar Seýdi adyndaky döwlet sazly-drama teatrynyň döredijilik topary tomaşaçylara nobatdaky ajaýyp sowgadyny hödürledi. Teatr bu gezek doganlyk halklaryň edebiýatyna ýüzlenip, belli tatar dramaturgy Tufan Minnuliniň «Hüwdi» atly pýesasy esasynda taýarlanylan täze spektaklyň tanyşdyrylyşy geçirildi. Ähli döwürler we halklar üçin wajyp bolan maşgala gymmatlyklaryny, nesil terbiýesini hem-de ene mährini açyp görkezýän bu eser sungat söýüjiler tarapyndan gyzgyn garşylandy.
Täze sahna eseriniň baş režissýory ýaş we zehinli hünärmen Suraý Rahmanowadyr. Öň diňe Täze ýyl ertekilerine režissýorlyk edip, tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan Rahmanowa üçin bu spektakl ilkinji uly göwrümli sahna işi boldy. Spektaklyň iň üýtgeşik taraplarynyň biri — onda diňe zenan aktýorlaryň çykyş etmegidir. Wakalaryň bütin dowamy bolsa çaga dogrulýan öýüň içinde bolup geçýär.
Sahna oýnunda türkmen we tatar halklarynyň taryhy, medeni, ahlak taýdan ýakynlygy açyk görünýär. Wakalar täze perzentli bolan gelinleriň ykbaly hem-de häsiýetleri arkaly ösdürilýär:
Spektaklyň dowamynda Dilemmanyň bu derejä ýetmegine onuň ejesi Rimmanyň (Gülälek Şaýmerdanowa) ýaşlykda goýberan hatalary, gyzyna ýeterlik terbiýe bermändigi hem-de gaýyn enesi Wazifanyň (Aýgözel Sahatowa) maşgala gatnaşyklaryna biparhlygy sebäp hökmünde görkezilýär. Çaga dogrulýan öýüň baş lukmany Lidiýa Mihaýlownanyň (Bagsere Rawşanowa), lukman Aýzara Ahatownanyň (Gülbahar Gurbangulyýewa) hem-de şepagat uýalarynyň çeken zähmeti, janlandyran keşpleri hem eseriň täsirini has-da güýçlendirýär.
«Hüwdi» spektakly özüniň çuňňur manysy bilen ýaş nesiller üçin uly terbiýeçilik mekdebidir. Eser maşgala agzalalygynyň, terbiýedäki säwlikleriň geljekde nähili agyr ahmyrlara getirip biljekdigini ynandyryjy wakalar bilen subut edýär. Şol bir wagtda-da ene süýdüniň we ene hüwdüsiniň mukaddesligini ýokary derejede dabaralandyrýar.
Mähri Gurbangeldiýewanyň sahna bezegi we Kemal Geldimyradowyň sazlary eseriň umumy ruhy bilen doly sazlaşyp, tomaşaçyny wakalaryň içine gurşap almagy başardy. Tanyşdyrylyşyň ahyrynda sungat işgärleri we baýry aktýorlar sahna eseriniň örän şowly çykandygyny belläp, ýaş režissýor Suraý Rahmanowa täze döredijilik üstünliklerini arzuw etdiler.
Keywords