
2026-njy ýylyň 14-nji maýynda Pekiniň Halkara biznes we ykdysadyýet uniwersitetiniň (UIBE) meýdançasynda 22-nji Halkara ýaşlar medeniýet festiwaly dabaraly ýagdaýda açyldy. Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň goldaw bermeginde, bu uniwersitetde okaýan türkmen talyplary halkara forumynda milli gymmatlyklarymyzy belentden dabaralandyrdylar.
Dünýäniň ýüzden gowrak döwletinden wekilleri birleşdiren bu festiwalda Türkmenistanyň milli pawilýony guraldy. Talyplarymyz tarapyndan taýarlanylan sergi, ýurdumyzyň «açyk gapylar» syýasatynyň we medeni diplomatiýasynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Pawilýona daşary ýurtly diplomatlar, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri we dürli ýurtlaryň talyp ýaşlary uly gyzyklanma bildirdiler.
Festiwal bilen bir hatarda, Hytaýyň Nebit uniwersitetinde «Bir guşak, bir ýol» başlangyjynyň çäklerinde energetika bilimini ösdürmäge bagyşlanan ylmy simpozium geçirildi. Türkmen talyplary bu ýokary derejeli ylmy forumda hem çykyş edip, ýurdumyzyň energetika diplomatiýasynyň wajyplygyny bellediler.
Bu halkara çärelerine gatnaşmak türkmen ýaşlarynyň dünýä arena-synda ynsanperwer gatnaşyklary berkitmäge goşýan goşandynyň nobatdaky subutnamasydyr. Talyplarymyzyň ussatlygy we joşguny Türkmenistanyň parahatçylyk, özara düşünişmek we medeni alşyk gymmatlyklaryna ygrarlydygyny ýene bir gezek dünýä jemgyýetçiligine äşkerä etdi.
Pekiniň abraýly ýaşlar meýdançasynda türkmen pawilýonynyň gazanan üstünligi, halkymyzyň baý medeni mirasynyň häzirki zaman dünýäsindäki belent ornuny tassyklaýar.
Keywords