Aşgabat şäherindäki Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Gazagystan Respublikasynyň sungat ussatlarynyň «Dostluk ýoly» atly baýramçylyk konserti geçirildi. Medeni çärä iki ýurduň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, hoşniýetli goňşuçylygy berkitmäge we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşant goşýan möhüm waka hökmünde aýratyn ähmiýet berildi.

Konserte sungat muşdaklary, diplomatik wekilhanalaryň wekilleri, döredijilik işgärleri hem-de paýtagtymyzyň ýaşlary gatnaşdy. Çäräni Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nurlan Nogaýew açyp, türkmen-gazak gatnaşyklarynyň dostluk, özara hormat goýmak we köp asyrlyk däpler esasynda yzygiderli ösdürilýändigini belledi.

Aşgabatly tomaşaçylara Gaziza Žubanowa adyndaky Aktöbe welaýat filarmoniýasynyň sungat işgärleri öz ussatlyklaryny görkezdiler. «Dauys» wokal topary halk aýdymlaryny döwrebap sazlaşykda ýerine ýetirip, tomaşaçylaryň gyzgyn el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. «Akku» tans topary bolsa gazak milli medeniýetiniň özboluşlylygyny we baý öwüşginlerini açyp görkezýän tans çykyşlaryny hödürledi.

Konsertiň täsirli pursatlarynyň biri gazak halk saz gurallary orkestriniň çykyşy boldy. Solist Oral-Kosaý Baýsen­giriň ýerine ýetirmeginde Gündogaryň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ölmez-ýitmez şygyrlaryna esaslanan «terme» aýdymçylyk däbi ýaňlandy. Bu çykyş iki halkyň ruhy we medeni ýakynlygyny aýdyň şöhlelendirdi.

Konsert maksatnamasynda türkmen sungatyna bagyşlanan çykyşlara hem giň orun berildi. Gazagystanyň at gazanan işgäri, Ahmet Žubanow adyndaky orkestriň çeper ýolbaşçysy Nurken Aşirov meşhur türkmen halk aýdymy «Bibijanyň» äheňinde döreden saz-fantaziýasyny ýerine ýetirdi. Şeýle-de ol Danatar Öwezowyň «Leýli we Mejnun» operasynyň uvertýurasyny tomaşaçylara hödürledi.

Dostlukly we mähirli ýagdaýda geçen konsert tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen tamamlandy. Medeni çäräniň dowamynda ýaňlanan sazlar we görkezilen çykyşlar Türkmenistan bilen Gazagystanyň arasyndaky medeni hyzmatdaşlygyň ösüşini, iki halkyň sungatyna bolan özara hormatyny ýene bir gezek dabaralandyrdy.