Türkmenistanda doglan kosmonawt Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasynyň (HKS) «ISS-76» missiýasynyň ätiýaçlyk ekipažynyň düzüminde uçuşa taýýarlyk görýär. Ol ätiýaçlyk ekipažynyň serkerdesi wezipesine bellenildi. Bu taýýarlyklara Roskosmosyň kosmonawty Aleksandr Grebýonkin hem gatnaşýar.
Kosmonawtlar açyk kosmosa çykmak boýunça türgenleşikleri, şol sanda Kosmonawtlary taýýarlamak merkeziniň gidrolaboratoriýasynda geçirilýän okuwlary ýerine ýetirýärler. Ýakynda olar bu ýerde okuw türgenleşikleriniň nobatdaky tapgyryny tamamladylar.
Häzirki tapgyrda kosmonawtlar açyk kosmosa çykmak wagtynda ýerine ýetirilýän esasy amallary gaýtalaýarlar. Olaryň arasynda şlýuz bölümindäki çykalga gapysyny açmak we ýapmak, Halkara kosmos stansiýasynyň daşky ýüzündäki tutawaçlaryň ugrunda hereket etmek, dürli ölçegdäki we agramdaky enjamlary daşamak, ýük enjamlarynyň adapterleri bilen işlemek, kabelleri çekmek we elektrik birikdirijilerini utgaşdyrmak ýaly işler bar. Maksatlaýyn amallary ýerine ýetirmek boýunça türgenleşikler soňraky tapgyrda geçiriler.
Soňky türgenleşigiň esasy maksady ERA atly uzakdan dolandyrylýan robot-manipulýator bilen işlemek boldy. Bu enjam kosmonawtlara HKS-niň Russiýa degişli böleginiň daşynda işleri ýerine ýetirmäge we enjamlary bir ýerden başga ýere geçirmäge mümkinçilik berýär.
Oleg Kononenkonyň aýtmagyna görä, türgenleşik wagtynda kosmonawtlar manipulýatoryň nusgasyna çenli hereket edip, onuň golunyň ugrunda süýşmek, operator üçin niýetlenen göçme iş ornuna geçmek we ERA bilen bagly zerur amallary ýerine ýetirmek boýunça taýýarlyk gördüler. Şeýle-de olar açyk kosmosda işlenilýän mahaly ýüze çykyp biljek, öňünden hasaplanan adatdan daşary ýagdaýlarda nähili hereket etmelidigini türgenleşdiler.
Oleg Kononenko 1964-nji ýylyň 21-nji iýunynda şol wagtky Çärjew şäherinde, häzirki Türkmenabatda dünýä indi. Ol şäherdäki 15-nji orta mekdebi tapawutlanan bahalar bilen tamamlady. Kosmonawtyň gazanan üstünlikleri Türkmenistanda hem bellenildi: 2009-njy ýylda oňa «Prezidentiň ýyldyzy» ordeni gowşuryldy.
Oleg Kononenko Halkara kosmos stansiýasyndan türkmen tomaşaçylaryna birnäçe gezek ýüzlenip, kosmosdan gijeki Aşgabadyň suratlaryny hem düşürdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.