Aşgabatda Türkmenistanyň başlyklyk etmeginde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň (GDA) Ykdysady geňeşiniň 111-nji mejlisi geçirildi. Duşuşyga Arkalaşyga girýän döwletleriň esasy wekiliýetleriniň ýolbaşçylary we wekilleri, şeýle hem GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew gatnaşdy.
Mejlisi GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň başlygy, Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradow açyp, alyp bardy. Duşuşygyň çäklerinde gatnaşyjylar ykdysady hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa çäräniň ýokary derejede geçirilmegi üçin döredilen şertler we myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirdi. Şeýle hem ol türkmen halkyny Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy bilen gutlap, öňde boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň ähmiýetini belledi.
Mejlisiň dowamynda ykdysady hyzmatdaşlygyň dürli ugurlary boýunça birnäçe möhüm mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. Gatnaşyjylar 2026–2030-njy ýyllar üçin ulag howpsuzlygyny üpjün etmek strategiýasyny durmuşa geçirmek boýunça çäreleriň meýilnamasyny tassykladylar. Şeýle hem standartlaşdyrmak boýunça Döwletara geňeşiň we oba hojalygy meseleleri boýunça Hökümetara geňeşiň alyp baran işleri baradaky hasabatlara garaldy.
Duşuşykda innowasion we tehnologik ösüş meselelerine hem aýratyn üns berildi. Ýokary tehnologiýaly pudaklar üçin geljegi uly materiallary öndürmek babatda hyzmatdaşlyk konsepsiýasynyň taslamasy, tokaý senagatynyň sanly özgertmelerini ösdürmek we 2030-njy ýyla çenli radionawigasiýa ulgamyny kämilleşdirmek boýunça başlangyçlar hödürlendi.
Şeýle hem GDA-nyň birnäçe ýöriteleşdirilen edaralaryna transfuziologiýa, lukmançylyk bilimi, reabilitasiýa we sanly ösüş ugurlary boýunça esasy gurama derejesi berildi.
Mejlisiň jemleri boýunça ara alnyp maslahatlaşylan 12 resminamany GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň tassyklamagyna hödürlemek barada ylalaşyldy.
GDA-nyň Ykdysady geňeşiniň indiki mejlisini 2026-njy ýylyň 27-nji noýabrynda Moskwada geçirmek meýilleşdirilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.