2026-njy ýylyň 25-nji awgustynda Minsk şäherinde Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyna (GDA) agza döwletleriň hemişelik we doly ygtyýarly wekilleriniň Geňeşiniň mejlisi geçirildi. Oňa GDA-nyň Baş sekretary Sergeý Lebedew hem gatnaşdy.
Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi NazarGuly Şagulyýew Türkmenistanyň teklibi bilen duşuşygyň gün tertibine girizilen möhüm meseleler barada çykyş etdi.
Diplomat Türkmenistanyň döwlet Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny baýramçylyk dabaralaryna taýýarlyk görülýändigi barada ýygnananlara giňişleýin maglumat berdi. Şeýle-de 23-nji sentýabrda geçirilmegi meýilleşdirilýän Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine görülýän taýýarlyk işleri barada gürrüň berildi.
Bellenilişi ýaly, Halk Maslahatynyň mejlisi ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy ugurlaryny kesgitlemekde möhüm ähmiýete eýe bolar. Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk syýasaty bolsa sebitde özara bähbitli we konstruktiw hyzmatdaşlygy ösdürmegiň ygtybarly binýady hökmünde çykyş edýär.
Mejlisiň çäklerinde GDA-nyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň dekabr aýynda Moskwada geçiriljek nobatdaky mejlisiniň gün tertibini taýýarlamak boýunça hem pikir alşyldy. Garaşylýan duşuşykda senagat, innowasiýalar, düýpli ylym, ekologiýa we ynsanperwer hyzmatdaşlyk ýaly ugurlarda birnäçe resminamanyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.
Şeýle hem syýahatçylyk we «Arkalaşyk» kinofestiwaly bilen bagly meseleler gün tertibine girizildi. GDA-nyň daşary ýurtlar we halkara guramalar bilen gatnaşyklaryny ösdürmek, şol sanda Arkalaşygyň Gözegçi we Hyzmatdaş derejesiniň mümkinçiliklerinden peýdalanmak boýunça hem pikir alşyldy.
Duşuşykda «GDA+» formatyny ösdürmegiň ähmiýeti hem bellenildi. Bu formatyň çäklerinde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna gözegçi derejesiniň berilmegi ýaly başlangyçlaryň halkara guramalar bilen dialog üçin täze mümkinçilikleri döredýändigi nygtaldy.
Mejlis Türkmenistanyň GDA-nyň çäklerinde hyzmatdaşlygy ösdürmäge, sebitara gatnaşyklary pugtalandyrmaga we halkara giňişlikde özara bähbitli dialogy ilerletmäge işjeň gatnaşýandygyny görkezdi.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.