Aşgabatda kinofilmleriň sazlaryny we janly ýerine ýetirilişdäki aýdym-sazy söýüjiler üçin ýörite konsert maksatnamasy geçiriler. Konsertde meşhur kompozitor Röwşen Nepesowyň ýolbaşçylygyndaky saz ansambly «Kinofilmleriň sazlarynyň altyn ýygyndysy» atly programma bilen çykyş eder.
Sazly agşam 28-nji sentýabrda sagat 19:00-da geçiriler. Konserte dirijor Eziz Jumanyýazow ýolbaşçylyk eder.
Çärä gatnaşyjylara dürli ýyllarda döredilen meşhur kinofilmlerden tomaşaçylaryň ilkinji akordlardan tanap bilýän sazlary hödürlener. Janly saz gurallarynyň ýerine ýetirilişindäki eserler kino sungaty bilen aýdym-sazyň sazlaşygyny özboluşly görnüşde açyp görkezmäge mümkinçilik berer.
Guramaçylar konsertiň ýokary ussatlyk bilen ýerine ýetiriljek saz eserleri we ýakymly döredijilik gurşawy bilen tomaşaçylarda ýatda galyjy täsir galdyrmagyna garaşýarlar.
Konserte gatnaşmak we petekler barada maglumat almak üçin +993 61 23 52 34 telefon belgisine ýüz tutup bolýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.