Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda raýatlaryň hukuk meseleleri boýunça jemgyýetçilik kabul edişligi geçiriler. Çärä Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň, Baş prokuraturasynyň, Ýokary kazyýetiniň wekilleri hem-de Aşgabat şäher adwokatlar kollegiýasynyň agzalary gatnaşar.
Jemgyýetçilik kabul edişligi 19-njy sentýabrda sagat 09:00-dan 12:00-a çenli Aşgabat şäheriniň Arçabil şaýolunyň 150-nji jaýynda ýerleşýän Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň binasynda geçiriler.
Kabul edişligiň dowamynda raýatlaryň hukuk meseleleri bilen bagly ýüz tutmalaryna garalar. Şeýle hem olara degişli hukuk düşündirişleri berlip, ýüze çykýan meseleleri çözmek boýunça maslahatlar hödürlener.
Raýatlar kabul edişligiň geçirilmegi bilen bagly goşmaça maglumatlary 39-19-20 we 39-19-21 telefon belgileri arkaly alyp bilerler.
Jemgyýetçilik kabul edişligi raýatlaryň hukuk sowatlylygyny ýokarlandyrmak, olaryň ýüz tutmalaryna degişli hünärmenleriň gatnaşmagynda seretmek we hukuk meseleleri boýunça maslahat bermek maksady bilen geçirilýär.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.