Geljek aý Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Ylmy-bilim ulgamynda sanly tehnologiýalar, emeli aň we kiberhowpsuzlyk: ylmy-tehnologik ösüşiň häzirki zaman ugurlary» atly halkara ylmy-amaly maslahat we sergi geçiriler. Şol çäreleriň çäklerinde halkara açyk internet olimpiadasyny hem guramak meýilleşdirilýär.

Uly göwrümli halkara forumyň esasy maksady halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan, ýaşlaryň intellektual mümkinçiliklerini ösdürmekden hem-de Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026–2028-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýardam bermekden ybaratdyr.

Çärelere Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ýaş alymlarynyň hem-de mugallymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar.

Halkara maslahatyň dowamynda emeli aňy bilim ulgamyna ornaşdyrmak, ylmy barlaglary awtomatlaşdyrmak we maglumat ulgamlarynyň kiberhowpsuzlygyny üpjün etmek ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar.

Internet olimpiadasynyň çäklerinde bolsa talyplar uniwersitetiň sanly platformasynyň üsti bilen programmirleme, algoritmleşdirme we maglumatlary goramak boýunça bilimlerini hem-de başarnyklaryny görkezerler.

Bu çäreleriň geçirilmegi halkara akademiki dialogy giňeltmäge, tejribe alyşmagy ösdürmäge we türkmen ýaşlarynyň ylmy-barlag işlerine bolan gyzyklanmasyny höweslendirmäge gönükdirilendir.