Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň kiberfiziki ulgamlar kafedrasynyň mugallymy Nurdjemal Baýramowa Ýaponiýanyň Hiroşima uniwersitetinde geçirilýän şöhle desseleriniň dinamikasy we tizlendiriji tehnikasy boýunça IX halkara okuw maksatnamasyna (ISBA 2026) gatnaşýar. 19–28-nji oktýabr aralygynda dowam edýän bu maksatnama dürli ýurtlardan gelen hünärmenleri we gatnaşyjylary bir ýere jemleýär.
Halkara okuw maksatnamasy ylmy-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, ýokary okuw mekdepleriniň degişli ugurlary boýunça hünärmenleriniň bilimini we hünär derejesini ýokarlandyrmaga, şeýle hem öňdebaryjy tehnologiýalar babatda tejribe alyşmaga giň mümkinçilik döredýär.
Maksatnamanyň çäklerinde gatnaşyjylar şöhle desseleriniň hereket aýratynlyklary we tizlendiriji tehnikasy boýunça nazary bilimlerini çuňlaşdyrýarlar. Şeýle-de olar bu ugurda gazanylan häzirki zaman ylmy-tehniki üstünlikleri öwrenýärler. Hiroşima uniwersitetiniň öňdebaryjy professorlarynyň gatnaşmagynda geçirilýän tematik leksiýalarda tizlendiriji tehnologiýalaryň işleýiş ýörelgeleri, olaryň aýratynlyklary we amaly ähmiýeti barada giňişleýin maglumat berilýär.
Okuw maksatnamasynyň medeni bölüminde hem dürli çäreler göz öňünde tutulyp, gatnaşyjylar Hiroşimanyň taryhy ýerleri we gözel künjekleri bilen tanyşýarlar. Bu bolsa olara şäheriň baý taryhyny, özboluşly medeni aýratynlyklaryny we ýerli ilatyň milli däp-dessurlaryny öwrenmäge şert döredýär.
Türkmen mugallymynyň bu halkara maksatnama gatnaşmagy Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň arasynda ylym we tehnologiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek, ýokary bilimiň hilini ýokarlandyrmak hem-de ylmy mümkinçilikleri giňeltmek babatda möhüm ähmiýete eýedir. Maksatnamanyň dowamynda ediniljek täze bilimleriň we tejribeleriň geljekde Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde okuw we ylmy-barlag işleriniň kämilleşdirilmegine, innowasion çözgütleriň bilim ulgamyna ornaşdyrylmagyna ýardam bermegine garaşylýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.