Paýtagtymyz Aşgabatda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyna hem-de Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 31 ýyllygyna bagyşlanan «Hünärli nesil — röwşen geljek» atly döredijilik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi. Bäsleşik ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdeplerinde hereket edýän gyzlar gurnaklarynyň arasynda guralyp, okuwçy gyzlaryň el işlerine bolan höwesini artdyrmagy we olaryň döredijilik başarnyklaryny kämilleşdirmegi maksat edinýär.

Bäsleşigi Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi geňeşi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi hem-de Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilelikde gurady.

Bäsleşigiň esasy maksady okuwçy gyzlaryň köp zähmeti, sabyrlylygy we ussatlygy talap edýän el işlerini ýerine ýetirmek başarnyklaryny ösdürmekden, olaryň milli amaly-haşam sungatyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmakdan ybarat boldy.

Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda kemala gelen milli däp-dessurlary, maşgala gymmatlyklary, edep kadalary, birek-birege hormat goýmak, hünär öwrenmek we halal zähmet çekmek ýaly asylly ýörelgeleri ýaş nesli terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýedir. Ata-babalarymyzdan we ene-mamalarymyzdan miras galan bu gymmatlyklar häzirki döwürde hem öz ähmiýetini saklap gelýär.

Ylmyň we tehnologiýalaryň ösýän döwründe ýaşlary milli mirasa sarpa goýmak, zähmetsöýerlik we döredijilik ruhunda terbiýelemek aýratyn wajypdyr. Şunuň ýaly bäsleşikler okuwçy gyzlaryň ukyp-başarnyklaryny ýüze çykarmaga, olaryň el hünärine bolan höwesini ösdürmäge hem-de milli däpleriň dowamatlylygyny üpjün etmäge ýardam berýär.