«Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky paýtagtyň merkezinde ýerleşýän baş edara binasynda dikeldiş işlerini geçirmek üçin bäsleşik yglan etdi. Degişli bildiriş «Türkmenistan» gazetiniň sanynda çap edildi.

Bäsleşige gatnaşmak isleýän guramalar degişli resminamalary bildirişiň çap edilen gününden başlap bir aýyň dowamynda tabşyryp bilerler.

Bäsleşik resminamalary Aşgabat şäheriniň Görogly köçesiniň 79-njy jaýynda kabul edilýär.

Goşmaça maglumat almak üçin 44-02-50 we 44-02-93 telefon belgileri arkaly habarlaşmak bolýar.