2-nji sentýabrda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn konsullyk meseleleri boýunça geňeşmeler geçirildi.

Duşuşykda iki ýurduň konsullyk hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we ony mundan beýläk-de ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki döwletiň raýatlarynyň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini goramak, migrasiýa, hukuk we hukuk goraýjy ugurlardaky hyzmatdaşlyk meselelerine garaldy.

Geňeşmeleriň dowamynda goşa raýatlyk bilen bagly ýagdaýlaryň öňüni almak, Azerbaýjanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan Türkmenistanyň raýatlarynyň ýagdaýy hem-de iki ýurduň degişli döwlet edaralarynyň arasyndaky özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak meselelerine aýratyn üns berildi.

Taraplar migrasiýa gulluklarynyň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmek, şeýle hem bu ugurda tejribe alyşmagy dowam etdirmek boýunça mümkinçilikleri hem ara alyp maslahatlaşdylar.

Geňeşmeleriň jemleri boýunça Türkmenistanyň we Azerbaýjanyň wekilleri konsullyk geňeşmeleriniň Teswirnamasyna gol çekdiler. Resminamada geçirilen gepleşikleriň esasy netijeleri we konsullyk gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmek boýunça gazanylan ylalaşyklar öz beýanyny tapdy.