Aşgabatdaky Fransuz instituty paýtagtyň ýaşaýjylaryny we myhmanlaryny 5-nji sentýabrda geçiriljek Açyk gapylar gününe gatnaşmaga çagyrýar. Çäräniň sagat 15:00-dan 19:30-a çenli dowam etmegine garaşylýar we giriş mugt bolar.

Açyk gapylar gününde myhmanlar institutyň mugallymlary bilen duşuşyp, fransuz dilini öwrenmek üçin hödürlenýän okuwlar barada giňişleýin maglumat alyp bilerler. Şeýle hem dil göterijiler bilen söhbetdeşlik toparlary, DELF we DALF halkara synaglaryna taýýarlyk mümkinçilikleri hem-de mediatekanyň hyzmatlary tanyşdyrylar.

Çäräniň dowamynda çagalar, ýetginjekler we ulular üçin fransuz diline degişli tanyşdyryş sapaklary guralar. Mundan başga-da, interaktiw dil oýunlary, kinoklub, küşt boýunça ussatlyk sapagy we fransuz karaokesi ýaly dürli çäreler geçiriler.

Medeni maksatnamanyň çäginde institutyň okuwçylarynyň gatnaşmagynda «Mejbury tebip» atly sahna oýny görkeziler. Şeýle hem DELF/DALF halkara diplomlaryny gowşurmak dabarasy geçiriler.

Açyk gapylar gününiň möhüm wakalarynyň biri «Türkmen topraklaryna syýahat» atly fotoserginiň açylyşy bolar. Sergide meşhur fransuz suratçysy Pol Nadaryň 1890-njy ýylda Türkmenistana amala aşyran ekspedisiýasynyň dowamynda düşüren suratlary görkeziler.

Çäre fransuz dili we medeniýeti bilen gyzyklanýanlar üçin institut bilen tanyşmaga, okuw mümkinçilikleri barada maglumat almaga hem-de dürli medeni maksatnamalara gatnaşmaga mümkinçilik berer.