Türkmenistanyň garyşyk başa-baş söweş sungatynyň (MMA) wekili Ata Atdaýew 22-nji oktýabrda Abu-Dabi şäherinde geçiriljek «UAE Warriors» ligasynyň ýaryş agşamynda nobatdaky tutluşygyna çykar. Ol 57 kilogram agram derejesinde Özbegistanyň türgeni Behzod Abdurahimow bilen güýç synanyşar.
Bu duşuşyk Ata Atdaýewiň professional karýerasyndaky sekizinji söweşi bolar. Türkmen türgeni şu wagta çenli geçiren ýedi professional tutluşygynyň ählisinde ýeňiş gazandy.
Ata Atdaýew halkara derejesindäki ýaryşlarda hem üstünlikli çykyş edip, Halkara garyşyk söweş sungatlary federasiýasynyň (IMMAF) guramasynda dünýä we Ýewropa çempiony boldy.
Türkmen türgeni öňde boljak tutluşyga Aşgabat şäherinde taýýarlyk görýär. Ol ussat tälimçi Soltan Pirgulyýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşik işlerini dowam etdirýär.
Ata Atdaýewiň garşydaşy Behzod Abdurahimow hem söweş rekordy bilen tapawutlanýar. Özbegistanly türgen şu wagta çenli geçiren professional söweşleriniň ýedisinde ýeňiş gazanyp, diňe bir gezek ýeňlişe sezewar boldy. Ol dzýudo boýunça tejribeli türgenleriň biri hökmünde tanalýar we Abdulmanap Nurmagomedowyň adyny göterýän söweş zalynda türgenleşýär.
Iki türgeniň hem ýeňiş gazanmak üçin meýdança çykjakdygyny göz öňünde tutanyňda, 22-nji oktýabrda geçiriljek duşuşyk MMA janköýerleriniň ünsüni çekýän söweşleriň biri bolup biler.
Türkmenistanly türgeniň professional karýerasyndaky ýeňişler tapgyryny dowam etdirip-etdirmejekdigi ýaryş agşamynda belli bolar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.