«Apple» kompaniýasy täze smartfonlarynyň we beýleki enjamlarynyň tanyşdyryljak gününi resmi taýdan mälim etdi.
«Apple» kompaniýasy täze «iPhone» modelleriniň we beýleki täze enjamlaryň tanyşdyrylmagyna garaşylýan güýzki ýörite çäräniň 9-njy sentýabrda geçiriljekdigini yglan etdi. «Surprise and shine» («Haýran galdyr we lowurda») şygary bilen geçiriljek çäre Aşgabat wagty bilen 22:00-da başlanar.
Tanyşdyrylyş kompaniýanyň Kaliforniýadaky «Apple Park» şäherçesinde geçiriler. «Apple» adatça täze önümler barada çärä çenli giňişleýin maglumat paýlaşmaýar. Şonuň üçin tanyşdyryljak enjamlaryň doly sanawy entek resmi taýdan aýdyňlaşdyrylmady.
Şeýle-de bolsa, tehnologiýa pudagynda ýaýran maglumatlara görä, şu güýzde esasy «iPhone 18» modeliniň görkezilmegine garaşylmaýar. Çaklamalara görä, bu model «iPhone e» seriýasynyň täze görnüşi bilen bilelikde geljek ýylyň ýazynda tanyşdyrylyp bilner.
Şol bir wagtyň özünde, «Apple» kompaniýasynyň ilkinji eplenýän smartfonyny, şeýle hem ýokary derejeli «iPhone 18 Pro» we «iPhone 18 Pro Max» modellerini görkezmegine garaşylýar. Täze nesil akylly sagatlaryň hem tanyşdyrylyş çäresinde görkezilmegi mümkin.
Deslapky maglumatlara görä, täze önümlere öňünden sargytlaryň 12-nji sentýabrda, olaryň resmi satuwynyň bolsa 18-nji sentýabrda başlanmagyna garaşylýar. Şeýle-de bolsa, bu seneler kompaniýa tarapyndan entek resmi taýdan tassyklanmady.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.