Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde täzelenýän energiýa çeşmelerini öwrenmek üçin döwrebap gün elektrik stansiýasy işe girizildi.
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebinde awtonom gün energiýasy ulgamy işe girizildi. Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) bilelikdäki başlangyjy esasynda gurlan desga mekdebiň energiýa üpjünçiligini gowulandyrmak bilen bir hatarda, okuwçylar üçin amaly okuw merkezine öwrüler.
Täze gün elektrik stansiýasy kuwwaty 12,5 kWt bolan fotoelektrik ulgamyndan, kuwwaty 48 kWt·s bolan litiý akkumulýatoryndan we gibrid inwertordan ybarat. Ulgam mekdebiň daş-töwereginiň, sport meýdançasynyň yşyklandyrylyşyny hem-de mikroklimat ulgamlarynyň işlemegini üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Taslamanyň esasy aýratynlyklarynyň biri onuň bilim ulgamyndaky amaly ähmiýetidir. Gün stansiýasy energiýanyň öndürilişini, akkumulýatoryň ýagdaýyny we sarp ediliş derejesini hakyky wagtda görkezýän sanly gözegçilik ulgamy bilen enjamlaşdyryldy.
Bu mümkinçilik okuwçylara fizika sapaklarynda energiýanyň öndürilişi we sarp edilişi baradaky maglumatlary göni önümçilik ulgamynyň mysalynda öwrenmäge şert döreder. Şeýle hem olar ýarym geçirijileriň fizikasy, energiýanyň saklanmagy we ekologiýa taýdan arassa energiýa çeşmeleri boýunça amaly bilimlerini artdyryp bilerler.
Mary şäheriniň 36-njy orta mekdebiniň Döwlet energetika institutyna ýakyn ýerleşmegi hem taslamanyň ähmiýetini artdyrýar. Mekdebiň döredilen okuw binýadynyň welaýatdaky okuwçylar we talyplar üçin täzelenýän energiýa çeşmeleri boýunça amaly tejribe geçirilýän merkez hökmünde peýdalanylmagy göz öňünde tutulýar.
Taslama Türkmenistanyň 2030-njy ýyla çenli täzelenýän energetikany ösdürmegiň Milli strategiýasynyň maksatlarynyň durmuşa geçirilmeginiň amaly mysallarynyň biri hökmünde çykyş edýär. Şeýle başlangyçlar ýaş nesliň arassa energiýa çeşmeleri we döwrebap tehnologiýalar baradaky bilimlerini ýokarlandyrmaga, geljekki inženerleri we alymlary taýýarlamaga goşant goşýar.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.