
Tokio uniwersitetiniň alymlary kagyz kitaplary okamagyň ekrandan okamak bilen deňeşdirilende, beýniniň wakalary ählitaraplaýyn özara baglanyşdyryp, ýatda saklamagyna has täsirli kömek edýändigini anykladylar. Barlagyň netijeleri PLOS One žurnalynda çap edildi. Synaga 25 talyp gatnaşdy. Olar manganyň (ýapon komiksiniň) birinji bölegini hem kagyz görnüşde, hem planşetde okadylar. Soňra gatnaşyjylar wakanyň ikinji bölegi bilen tanyşdylar we şol wagtyň özünde beýniniň MRT (magnit-rezonans tomografiýa) skanirlenmesinden geçip, mazmun boýunça soraglara jogap berdiler. Jogaplaryň takyklygy iki toparda-da deň çykdy. Muňa garamazdan, planşetde okan gatnaşyjylara wakanyň dürli böleklerindäki maglumatlary jemläp, jogap bermek üçin has köp wagt gerek boldy. Skanirleme kagyz kitaplary okanlaryň beýnisinde dili gaýtadan işlemek we wakalary yzygiderli baglanyşdyrmak üçin jogapkär bölümleriň işjeňliginiň pesdigini görkezdi.
Alymlaryň pikirine görä, bu beýniniň maglumatlary özleşdirmek üçin has az güýç sarp edýändigini görkezýär. Barlagçylar bu täsiri kitabyň fiziki aýratynlyklary bilen baglanyşdyrýarlar. Kitabyň fiziki görnüşi adama mazmunyň gurluşy barada giňişleýin düşünje almaga we wakalardan has oňat baş çykarmaga kömek edýär.
Keywords