
Jeýhun boýlarynda şöhratly geçmişimize şaýat bolan gadymy desgalaryň, galalaryň ençemesi ýerleşýär. Şolaryň biri-de Farap etrabynyň Hojakenepsi geňeşliginiň çägindäki Nargyz gala arheologiki ýadygärligidir.
Ol IX — X asyrlarda köşk üçin niýetlenilip gurlup, XIX asyryň ortasyna çenli hemmetaraplaýyn ösen galadyr. Bu gala, esasan, çig kerpiçden gurlup, üstki bölegi pagsalar bilen berkidilipdir. Arheolog G.Gutlyýew bu ýadygärlikde ylmy-barlag işlerini geçirip, galanyň irki orta asyrlarda gurlandygyny we orta asyrlaryň soňuna çenli ençeme gezek bejerilip dikeldilendigini belleýär. Galanyň diwarlarynda orta asyr jaý gurluşygynyň aýratyn usullary ulanylypdyr. Gadymy ýadygärligiň gelip çykyşy barada il içinde birnäçe rowaýatlar aýdylýar. Şolaryň birinde şeýle diýilýär.
Gadymy döwürlerde bir ýurduň hökümdary goňşy ýurduň hökümdarynyň gyzyna aşyk bolýar. Emma ol gyzyny oňa rowa görmeýär. Derýanyň gözbaşynda oturan hökümdar: «Gyzyňy bermeseň, meniňem etjegim şudur» diýip, golaýyndan akyp geçýän derýany böwet gurduryp bagladýar. Derýanyň aşak akymyndaky ýurduň ilaty suwsuz kösenip ugraýar. Şonda ýurduň hökümdary bu ýagdaýa çydam edip bilmän: «Kimde-kim şu derýanyň böwedini açyp gelse, şoňa gaznamdaky baýlygymyň ýarysyny berjek» diýip, jar çekdirýär. Muňa men-men diýen goç ýigitler synanyşypdyr, emma olar bu işiň hötdesinden gelmegi başarmandyrlar. Günlerde bir gün suwsuzlykdan kösenýän bir garybyň gyzy hökümdaryň huzuryna barypdyr-da:
— Bu işe men synanyşaýyn — diýipdir. Hökümdar muňa geň galyp:
— Men-men diýen goç ýigitleriň başarmadyk işini sen nähili oňararsyň? — diýipdir. Onda ol özüne ýardam berlende bu meseläniň oňuna çözüljekdigine ynandyrypdyr.
Hälki gaýratly gyzyň islegi boýunça oňa gerek zatlaryň hemmesini beripdirler. Ol derýanyň böwetlenen ýerine baryp gelýänçä müner ýaly taýçanakly atlary bermeklerini sorapdyr. Edermen gyz goňşy ýurda barýan ýoluň her ýerräginde bir aty daňyp gidiberipdir. Ol goňşy ýurda baryp, hile-aldaw bilen derýanyň böwedini açýar. Soňra atlaryň birine atlanyp, yzyna tarap gaçyp başlaýar. Ýadatmazlyk üçin atlary gezekleşdirip münýär. Birnäçe günläp öz taýçanagyny görmedik atlar çalt çapyp, gyza yzyndan gelýän duşman goşunlaryndan arany açmaga kömek berýärler. Şeýdibem gyz öz ýurduna suw getirmegi başarýar.
Ýurduň hökümdary söz beren baýlygyny berjek bolsa ýaňky gyz almaýar. Onda hökümdar: «Sen bu zatlary almasaň, men saňa bir köşk gurup bereýin. Goý, bu köşk seniňki bolsun» diýipdir we edermen gyza bir üýtgeşik köşk gurduryp beripdir. Şondan bäri hem bu köşk gaýratly, ner gyzyň köşgi hökmünde şu günlere ýetipdir diýýärler.
Gadymy gala häzirki wagtda döwletimiz tarapyndan goralyp saklanylýar. Bu ýerde geçirilýän gazuw-agtaryş işleri geçmişiň syrlaryny öwrenmäge ýardam edýär. Ylmy-barlag işleri geljekde-de dowam etdiriler.
Keywords