Asyr ýaşamak — ömrüň uzaklygyndan has köp, nesilleriň ýadynda galan manyly durmuşyň beýanydyr.
Maşgala ojagynyň ýylylygy, öýüň berekedi we nur-şuglasy, ilkinji nobatda, ata-enäniň mähri bilen baglanyşyklydyr. Uly ýaşly adamlaryň barlygy öýe agzybirlik, parahatçylyk we döwletlilik getirýär. Şonuň üçin halkymyzda uzak ömür süren ýaşululara aýratyn hormat goýulýar, olaryň ak patasyny almak uly bagt hasaplanýar.
Halk arasynda «Ýagşyny görmek — sogap» diýen pähim bar. Bir asyrlyk ömri yzda galdyran, ýüzünde ýaşaýşyň köp ýyllarynyň nuruny göterýän enäniň ýanynda bolmak, onuň durmuş tejribesini diňlemek we ýagşy dileglerini almak aýratyn ýakymly duýgudyr. Asyr ýaşamak köp adamyň arzuwy bolsa, şeýle ýaşlara hormat goýmak türkmen halkynyň asylly däpleriniň biridir.
Türkmenlerde täze dünýä inen bäbejigi hem-de ýüz ýaşyna ýeten ýaşulyny maňlaýa sylamak ýaly yrym bar. Bu däp ynsan ömrüniň başlangyjyna we dowamlylygyna bolan çuňňur hormatyň nyşany hökmünde nesilden-nesle geçirilip gelýär.
Gahryman Arkadagymyz özüniň «Enä tagzym — mukaddeslige tagzym» atly kitabynda enäniň maşgaladaky ornuna ýokary baha berip, «Ene ömrüň gözbaşydyr, ojaklaryň binýadydyr, maşgalanyň sütünidir» diýip belleýär. Hakykatdan-da, enäniň mähri siňen öýde agzybirligiň, rysgal-berekediň we asudalygyň höküm sürýändigini durmuş tejribesi hem görkezýär.
Şeýle mährem eneleriň biri hem Hojambaz etrabynyň Beşir şäherçesiniň Boroşly obasynyň ýaşaýjysy Akja Durdyýewadyr. Ýakynda 100 ýaşyny dolduran Akja ene bir asyrlyk ömründe durmuşyň dürli menzillerinden geçip, halkymyzyň asylly däplerine, maşgala gymmatlyklaryna we nesilleriň terbiýesine uly sarpa goýup gelýär.
Bir asyrlyk ömür — diňe ýyllaryň hasaby däl. Ol nesilleriň ýatlamalary, durmuş tejribesi, ýagşy arzuwlar we enäniň ak patasyna siňen mukaddeslikdir. Şeýle ýaşululara hormat goýmak, olaryň durmuş ýolundan görelde almak hem-de gymmatly öwütlerini ýaş nesillere ýetirmek halkymyzyň gadymdan gelýän belent ýörelgeleriniň biridir.







Teswirler
Entek teswir ýok. Ilkinji boluň.