Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi Lebap welaýatynyň Kerki etrabynda, Türkmenistan bilen Owganystanyň serhedinde ýerleşýän «Ymamnazar» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek boýunça gurluşyk işlerini geçirmek üçin bäsleşik yglan etdi. Bu barada Lebap.biz saýty habar berýär.

«Ymamnazar» gümrük nokady Türkmenistanyň Owganystan bilen serhetüsti söwda-ykdysady gatnaşyklarynda möhüm ähmiýete eýe bolan desgalaryň biridir. Onuň durkunyň täzelenmegi serhet infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we ulag-logistika mümkinçiliklerini ösdürmek bilen baglanyşyklydyr.

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän taraplaryň haýyşnamalary we teklipleri Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrliginiň Bazary öwreniş we daşary ykdysady gatnaşyklar müdirliginde bellenilen tertipde kabul edilýär hem-de resmileşdirilýär.

Bäsleşik boýunça haýyşnamalary we teklipleri tabşyrmagyň soňky möhleti 2026-njy ýylyň 24-nji noýabry diýlip kesgitlenildi.